Illustration Gol

1-NJI ÄDIM : Şäher häkimleriniň bileleşiginiň goly

Güýçli syýasy başlangyçda orun alyň

Gol çekmek bilen diňe bir halk köpçüligine ýüzlenmeden has köp zat edýärsiňiz: Ýerli jemgyýetiňiz bileleşigiň energiýa we howa maksatlaryna ýetilmeginde goşant goşup başlaýar. Şäher häkimleriniň bileleşiginiň üsti bilen ýerli häkimiýetleri bir ýerde jemleýän herekede gatnaşýarsyňyz. Sebitiňizdäki tejribeleri başgalar bilen paýlaşyp, beýleki ýerli we sebit tejribelerinden peýdalanyp bilersiňiz. Bu sahypada umumy maksadymyza tarap ädimler barada maglumatlar, pikirler we anyk ädimler görkezilýär: 2020-nji ýyla çenli kömürturşy gazynyň çykarylyşyny azyndan 20% azaltmak maksadymyza tarap!

Soragyňyz barmy?

  1. Kim goşulyp bilýär?
  2. Näme üçin goşulmaly?
  3. Nädip goşulmaly?
  4. Haçan goşulmaly?

Ýokary borçnama

Şäher häkimleriniň bileleşigine gol çekýänleriň hemmesi kömürturşy gazynyň çykarylmagyny azaltmak barada bileleşigiň umumy maksatlaryndan has ýokary çykmaga meýletinlik bilen we bir taraplaýyn borçlanýarlar.

Bileleşige gol çekenler 2020-nji ýyla çenli kömürturşy gazynyň çykarylyşyny 20% azaltmagy maksat edinýärler. Muny bolsa energiýa tygşytlylygyny we täzeläp bolýan energiýa hereketlerini durmuşa geçirmek üçin ýeterlik administratiw mümkinçilikleri talap edýän ýerli durnukly energiýa ýörelgesini döretmek arkaly edýärler. Bu maksada ýetmek üçin ýerli häkimiýetler aşakdakylara borçlanýar:

  • Bileleşige goşulanyndan soň bir ýylyň dowamynda kömürturşy gazynyň çykýan esasy çeşmelerini kesgitleýän resminamany (BEI) taýýarlamaga;
  • Bileleşige goşulanyndan soň bir ýylyň dowamynda şäher häkimliginiň geňeşi tarapyndan tassyklanan Durnukly energiýa hereket meýilnamasyny (SEAP) tabşyrmaga;
  • Durnukly energiýa hereket meýilnamasyny tabşyranlaryndan soň her 2 ýyldan hereket meýilnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň derejesini we aralyk netijeleri mälim edýän Durmuşa geçirmek hasabatyny neşir etmäge;
  • Durnukly energiýa hereket meýilnamalarynyň çärelerini höweslendirmage, Ýerli energiýa günlerini gurnamak ýaly çäreler arkaly raýatlarty / degişli taraplary meýilnama çekmäge;
  • Şäher häkimleriniň bileleşiginiň ýörelgelerini wagyz etmäge, esasanam iri çärelere we şu mowzuga degişli iş ýerlerine goşant goşmak we beýleki ýerli häkimiýetleri bileleşige goşulmaga höweslendirmek arkaly.

Bileleşige gol çekenleriň resmi syýasy borçnamalaryny durmuşa geçirmek üçin anyk çäreler we taslamalar zerur. Bileleşige gol çeken hökmünde ýerli häkimiýetiňiz Durnukly energiýa hereket meýilnamasyny durmuşa geçirişi barada hasabat bermäge we oňa gözegçilik edilmegine boýun bolýar. Şertleri ýerine ýetirmese, ýerli häkimiýetiňiziň bileleşige agzalygynyň ýatyryljakdygyny hem kabul edýär.

Durnukly energiýa hereket meýilnamalaryny kämilleşdirenlerinde bileleşige gol çekenleriň ählisiniň ýatda saklamaky möhüm ýörelgelere we ädimlere göz aýlaň. Bu ýörelgeler bileleşige gol çekmek arkaly boýun alnan borçnamalar bilen baglanyşyklydyr we üstünlik üçin esasy ugurlary emele getirýär.

Has giňişleýin merkez üçin kömek merkezine ýüz tutuň.

Soragyňyz barmy?

  1. Bileleşige gol çekenler haýsy borçnamalary ýerine ýetirmeli?
  2. Bileleşige gol çekenler munuň garşylygynda näme alýarlar?
Twitter
Ykjam telefonyňyz
arkaly alyş-çalşyk üçin
Facebook
Bileleşigiň sahypasynyň
muşdagy bolmak üçin
Täzelik haty
Ýylda iki gezek
neşir edilýän täzelik hatyna ýazylmak üçin
RSS beýanlary
Täzelikleri göni
wagtynda almak üçin
Ýewropa Toparynyň syýasy goldawy bilen – DG DEVCO Ýewropa Toparynyň syýasy goldawy bilen – DG DEVCO. Web sahypasy Şäher häkimleriniň bileleşigi dolandyryş merkezleri tarapyndan utgaşdyrylýar..
Täzelikler | Gün tertibi | Sahypanyň kartasy | RSS kömek | Minnetdarlyk | Kanuny