Illustration Ýerli häkimiýet hökmünde

Howanyň üýtgemeginiň täsirlerini ýok etmekde ýerli häkimiýetler öňdebaryjy roly eýeleýärler. Şäher hakimleriniň bileleşigine goşulmak, Bileleşigiň ýerlerdäki utgaşdyryjylary, Bileleşigiň goldaýjylary, Şäher häkimleriniň bileleşiginiň dolandyryş merkezi, guramalar we beýleki degişli taraplar bilen ýakyn aragatnaşyk saklamak we olardan goldaw almak arkaly ýerli häkimiýetlere goldaw berýär. Entek goldawyň berilmeýän ýerlerinde beýleki ýurtlaryň göreldeleri ýerli häkimiýetlere bileleşige goşulmak we herekete geçmek babatda öz hökümetlerini razy etmäge kömek edip biler.

Kim goşulyp biler?

Şäher häkimleriniň bileleşigi, ölçegine garamazdan, energiýa we howa syýasatlaryny durmuşa geçirmeginiň derejesine garamazdan saýlaw bilen iş başyna gelen ähli ýerli häkimiýetlere açykdyr.

Nädip goşulmaly?

Gitdigiçe ulalýan başlangyja goşulmak üçin ýerli häkimiýetler aşakdakylary ýerine ýetirmeli:

  • Şäher häkimleriniň bileleşigi başlangyjyny şäher geňeşine hödürlemeli;
  • Bileleşige ýazylmak üçin resmi kararyň resmi çözgüt esasynda geňeş tarapyndan kabul edilendigini kepillendirmeli;
  • Bileleşige goşulmak maglumatnamasyna gol çekmek üçin şäher häkimine ýa-da şäher geňeşiniň häkim bilen deň derejeli wekiline ygtyýar bermeli;
  • Başlangyja goşulmak karary barada Topara habar bermek üçin Şäher häkimleriniň bileleşiginiň dolandyryş merkezine elektron habar ibermeli;
  • Şäher geňeşine iberilen tassyklaýyş e-poçtasynda kesgitlenen indiki ädimleri bellik edip almaly.

Haçan goşulmaly?

Ýerli häkimiýetler Şäher häkimleriniň bileleşigine islän wagty gol çekip bilerler, bu ugurda hiç hili wagt çäklendirmesi ýok. Şäher häkimleriniň bileleşiginiň dabaralary köp sanly şäher häkiminiň gatnaşmagyna ýylda bir gezek geçirilýär, köpçülige açyk gol çekmek dabarasy arkaly halkara derejede tanalýar.

Näme üçin gatnaşmaly?

Şäher häkimleriniň bileleşigine gol çekýänler bu herekede goşulmak üçin aşakdakylar ýaly birnäçe sebäbe esaslanýarlar:

  • Ýerli taraplara ekologiki, jemgyýetçilik we ykdysady taýdan durnukly gurşawy üpjün etmekde kömek alýarlar (elýeterli energiýa hyzmatlary, iş orunlaryny döretmek, saglyga peýdaly gurşaw we ş.m.);
  • Esasy ykdysady, energiýa we howa bilen baglanyşykly kynçylyklary raýatlaryň peýdasyna çözmek üçin şäher häkimliginiň çäginde täze syýasy, administratiw we maliýe mümkinçilikleri döredilýär;
  • Ýerlerinde daşky gurşawy zaýalamazdan ykdysady ösüşi üpjün etmek we ýaşaýyş derejesini gowulandyrmak üçin tagallalar döredilýär ýa-da güýçlendirilýar;
  • Beýleki öňdebaryjylaryň höweslendirmeginden we göreldesinden peýdalanýarlar;
  • Öz ýerlerinde edinen ussatlygyny başgalar bilen bölüşýärler;
  • Öz ýerlerini ýerli durnukly energiýany döretmekde öňdebaryjy hökmünde tanadýarlar;
  • Guramalardan güýç we goldaw alýarlar (ÝB-den, gündogar Ýewropadaky, günorta Kawkazdaky we Orta Aziýadaky guramalardan);
  • Tutuş dünýäde kömürturşy gazynyň çykarylyşyny azaltmaga goşant goşýarlar.
Twitter
Ykjam telefonyňyz
arkaly alyş-çalşyk üçin
Facebook
Bileleşigiň sahypasynyň
muşdagy bolmak üçin
Täzelik haty
Ýylda iki gezek
neşir edilýän täzelik hatyna ýazylmak üçin
RSS beýanlary
Täzelikleri göni
wagtynda almak üçin
Ýewropa Toparynyň syýasy goldawy bilen – DG DEVCO Ýewropa Toparynyň syýasy goldawy bilen – DG DEVCO. Web sahypasy Şäher häkimleriniň bileleşigi dolandyryş merkezleri tarapyndan utgaşdyrylýar..
Täzelikler | Gün tertibi | Sahypanyň kartasy | RSS kömek | Minnetdarlyk | Kanuny