Illustration Şäher häkimleriniň bileleşigi

Şäher häkimleriniň bileleşigi öz sebitlerinde energiýa tygşytlylygyny we täzeläp bolýan energiýa çeşmeleriniň ulanylyşyny ýokarlandyrmaga meýletin borçlanýan ýerli we sebit häkimiýetlerini öz içine alýan, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan badalga berlen başlangyçdyr. Bileleşige gol çekýänler öz borçnamalarynda 2020-nji ýyla çenli kömürturşy gazynyň çykarylyşyny 20% azaltmagy, şeýleleik bilen daşky gurşawy goraýan ykdysady ösüşe we ýokary durmuş ülňülerine goşant goşmagy maksat edinýärler.

Bir bakyşda bileleşik

2008-nji ýylda ÝB Howa we energiýa toplumynyň kabul edilmeginden soň Ýewropa Topary durnukly energiýa ýörelgelerini döretmekde we durmuşa geçirmekde ýerli häkimiýetleriň başladan tagallalaryny goldamak we güýçlendirmek maksady bilen Şäher häkimleriniň bileleşigine badalga berdi. Aslynda howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmakda ýerli hökümetler aýratyn möhüm rol oýnaýarlar, energiýa sarp edilişiniň we kömürturşy gazynyň çykarylyşynyň 80 göteriminiň şäherlerdäki işjeňlik bilen baglanyşyklydygyny göz öňünde tutsak, olaryň ähmiýeti has hem äşgär bolýar.

Şäher häkimleriniň bileleşigi arkaly ÝB guramalary bu çärelere ýerli we sebit häkimiýetlerini gönüden-göni dahylly etmek, şeýlelik bilen, energiýa we howa baradaky maksatlara ýetmekde olaryň möhüm roluny kabul etmek arkaly deňi-taýy görülmedik bir ädim ätdiler.

Hereketleri görmek, düşünmek üçin ýeterlik

Syýasy borçnamalaryny kesgitli çärelere we taslamalara öwürmek üçin Bileleşige gol çekenler ýerli durnukly energiýa ýörelgelerini we degişli energiýa dolandyryş desgalaryny döredeninden soň kömürturşy gazynyň çykýan esasy çeşmelerini kesgitläp, durmuşa geçirmegi meýilleşdirýän esasy çärelerini öz içine alýan Durnukly energiýa meýilnamasyny taýýarlap, gol çekeninden soň bir ýylyň dowamynda tabşyrýarlar.

Energiýa tygşytlamakdan başga-da, gol çekenleriň durmuşa geçirýän işleriniň netjesi gaty köp ugurly: tämiz we arzan energiýa hyzmatlaryny elýeterli etmek, hünärli we ygtybarly iş orunlaryny döretmek, maliýe we jemgyýetçilik durnuklylygyny ýokarlandyrmak, saglyga peýdaly gurşaw we ýaşaýşyň hilini ýokarlandyrmak, işewürlik döredijiligi, halk köpçüligine niýetlenen hyzmatlary we infrastrukturany ösdürmek hem-de täze önümleri döretmek arkaly ykdysady bäsdeşligi güýçlendirmek. Bu işler, bileleşige gol çekenleriň iň oňat amallarynyň girizilen maglumat binýady bolan “Ajaýyplygyň ülňüleri” arkaly başgalara görelde bolýar. Durnukly enegriýa hereket meýilnamalarynyň katalogy hem şonuň ýaly çeşmeleriň biri bolup, ol beýleki gol çekenleriň öz öňünde goýan maksatlaryny we şol maksatlara ýetmek üçin kesgitlän çärelerini bir bakyşda görkezýär.

Köp ugurly goldaw

Gol çekenleriň ýurtlarynda

Bileleşige gol çekmäge syýasy taýdan isleg bildirýän şäher häkimlikleriniň sany köpelse-de, olaryň hemmesi borçnamalaryna amal etmek üçin zerur syýasy we administratiw mümkinçiliklere, maliýe we tehniki çeşmelere eýe bolup duranok. Şol sebäpli hem gol çekenleriň öz maksatlaryna ýetmekleri üçin goldaw berjek döwlet edaralaryna we arabaglanyşyklaryna bileleşigiň içinde aýratyn dereje berilýär.

Bileleşigiň goldaýjylary diýlip atlandyrylýan ýerli häkimiýetleriň arabaglanyşyklary ýa-da Birleşmeleri höweslendiriji işler, agzalar bilen aragatnaşyk we tejribeleri paýlaşmak arkaly başlangyjyň täsirini iň ýokary derejä ýetirmek üçin tagalla edýärler.

Şäher häkimleriniň bileleşiginiň dolandyryş merkezlerinden

Bileleşige gol çekenlere, bileleşigiň utgaşdyryjylaryna we bileleşigi goldaýjylara her gün höweslendiriji, tehniki we administratiw kömek Şäher häkimleriniň bileleşiginiň Brýusseldäki dolandyryş merkezi (CoMO), Şäher häkimleriniň bileleşiginiň dolandyryş merkeziniň Lwow we Tbilisi şäherlerindäki şahamçalary (CoMO gündogar) arkaly berilýär. Şäher häkimleriniň bileleşiginiň Brýusseldäki dolandyryş merkezi başlangyjyň baş utgaşdyryjysy bolup durýar.

Bilelikde gözleg merkezinden

Ýewropa Toparynyň bilelikde gözleg merkezi şäher häkimleriniň bileleşiginiň dolandyryş merkezleri bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly esasan kömürturşy gazynyň çykýan çeşmelerini kesgitlemek we durnukly energiýa hereket meýilnamalary ýaly ylmy we tehniki meselelerde bileleşige gol çekenlere kömek edýär.

Şäher häkimleriniň bileleşiginiň dolandyryş merkezleriniň we bilelikde gözleg merkeziniň hyzmatdaşlygy netijesinde döredilen gurallaryň we usulyýetleriň kömegi bilen bileleşige gol çekenlere bu amal boýunça ýol görkezilýär.

ÝB guramalaryndan

Ýewropa Toparyndan başga-da, bileleşigiň başlangyjyndan bäri oňa goldaw berýän Sebitler topary, ýylda bir gezek gol çekmek dabarasy geçirilýän Ýewropa Parlamenti, maýa goýum mümkinçiliklerini ýüze çykarmakda ýerli häkimiýetlere goldaw berýän Ýewropa Maýa goýum banky ýaly guramalardan doly goldaw alynýar.

Twitter
Ykjam telefonyňyz
arkaly alyş-çalşyk üçin
Facebook
Bileleşigiň sahypasynyň
muşdagy bolmak üçin
Täzelik haty
Ýylda iki gezek
neşir edilýän täzelik hatyna ýazylmak üçin
RSS beýanlary
Täzelikleri göni
wagtynda almak üçin
Ýewropa Toparynyň syýasy goldawy bilen – DG DEVCO Ýewropa Toparynyň syýasy goldawy bilen – DG DEVCO. Web sahypasy Şäher häkimleriniň bileleşigi dolandyryş merkezleri tarapyndan utgaşdyrylýar..
Täzelikler | Gün tertibi | Sahypanyň kartasy | RSS kömek | Minnetdarlyk | Kanuny